Akyldara döwran bu gün

13 Awgust 2024
586

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okan ýyllarymda-da milli aýdym-sazlarymyzyň döreýiş taryhyna aýratyn üns berýärdim. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işlemek bilen, ýene-de halypalarymyzyň zehininden çykan ajaýyp aýdym-saz sungatymyzyň ussatlarynyň döreden we joşup-joşup ýerine ýetiren aýdymlaryny, çalan meşhur sazlaryny höwes bilen diňleýärin. Ussatlarymyzyň çalan sazlarydyr aýdan aýdymlaryny diňläp, talyplarymyzyň milli aýdym-sazlarymyz hakynda giňişleýin düşünje almaklary üçin alada edýäris. Konserwatoriýanyň mugallymlary bolup halypalardan eşiden täsin söhbetlerimizi, gyzykly maglumatlarymyzy bolsa okuw maksatnamamyzyň çäklerinde talyplarymyza ýetirip durýarys.

Aýdym-saz sungaty adamlaryň göwnüni ganatlandyryp, özüne we geljege bolan ynamyny artdyrýar. Bu, elbetde, ussat halypalaryň döreden aýdym-saz sungatynyň beýikligidir.

Aýgül ÝAGŞYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli  konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti.