Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegi babatynda uly şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Berkarar Watanymyzyň obadyr şäherçelerinde, şäherlerinde hereket edýän sport mekdeplerinde alnyp barylýan işler bu ugurdaky tagallalaryň aýdyň mysalydyr.
Sport mekdeplerinde ýaş nesliň sportuň islän görnüşi boýunça türgenleşmegine we sportda taplanmagyna, kämillige ýetmegine ajaýyp amatlyklar göz öňüne tutulandyr. Bäherden etrabyndaky 350 orunlyk sport mekdebinde hem giň mümkinçilikler bar. Bu ýerdäki sportuň görnüşleri boýunça meşgullanmaga, türgenleşikleri yzygiderli geçirmäge niýetlenen sport zallarydyr meýdançalar ýaşlaryň hyzmatynda. Ýaşlaryň arasynda sportuň kuşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, woleýbol, grek-rim göreşi, milli göreş, boks, futbol, ýeňil atletika görnüşleri bilen meşgullanýan çagalaryň sany has-da köp.