Bagtyýar durmuşyň ýaş waspçylary

12 Awgust 2024
491

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerindäki «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri geçirilip gelinýän bu bäsleşik milli aýdym-saz sungatymyzyň täze, zehinli wekillerini ýüze çykardy. Bäsleşigiň ilkibaşda geçirilen ýyllaryndaky ýeňijiler bu günki gün halypalyga ýetip, milli aýdym-saz sungatymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar. Soňky ýyllarda ýeňiji bolan zehinli ýaşlar bolsa halypa-şägirtlik mekdebiniň ak ýollary bilen bu gün döwletli Diýarymyzdaky bagtyýar durmuşymyzyň waspçylaryna öwrüldiler. Türkmenabadyň şenbe agşamyny müň bir öwüşginli gözellige, esasan-da, aýdym-sazyň jadylaýjy täsirine beslän bäsleşigiň welaýat tapgyry hem Jeýhun ýakasyndaky obalardyr şäherlerde zehinli ýaşlaryň ýene-de ençemesiniň ýetişip gelýändigini görkezdi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.