Gözelligiň we kämilligiň baýdagy

9 Awgust 2024
550

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, halkymyzyň baý mirasynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär. Bu tagallalar netijesinde dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär.

Halkymyz gadymy döwürden bäri halyçylyk işi bilen meşgullanyp gelipdir. Nepis halylarda milletimiziň tämiz kalby, arassa ýoly, halal asly açyk-aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmeniň öýi haly ýazylan ýerden başlanýar» diýen çuňňur pähim-paýhasa eýlenen altyn jümlesinde umman ýaly many bar. Öý galdyrmak, ýurt tutunmak, mekan edinmek, döwlet gurmak ýaly jümlelerde Watan düşünjesini zer däneleri ýaly ykbal kerwenine sapan türkmen, özüniň tämiz milli gymmatlyklarynyň kämillik derejesinde ýaşaýşa bolan gatnaşygyny beýan edipdir. Türkmen döwlet gurmak hem döwletli döwran sürmek pelsepesini ynsanyýete bagyşlan halkdyr. Her nagşynda ummasyz manyny jemleýän halylarymyzyň at-owazasy dünýä dolýar.

Tyllanur ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.