Çeper sungatda Pyragynyň keşbi

9 Awgust 2024
522

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişiniň hem-de onuň keşbiniň çeper sungatda şöhlelendirilişiniň gyzykly taryhy bar. Bu işler geçen asyrlarda başlanypdyr. Magtymguly Pyragynyň miras galdyran ajaýyp eserlerini jemlemek hem-de olary neşir etmek boýunça toplumlaýyn işlere bir asyr mundan öň badalga berilýär. Şu ýerde, baryp, 1860-njy ýyllarda keremli topragymyzda syýahatda bolup, akyldar şahyryň eserleriniň ençemesiniň golýazmasyny toplap, dünýä ýaýmakda wengriýaly alym Arminiý Wamberiniň hyzmatynyň uludygyny bellemegimiz gerek. Alym «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna goýulýan hormat barada şeýle ýazýar: «Türkmenlerde iň gowy lezzet bagşynyň gelmegi we onuň Görogludan ýa-da Magtymguludan aýdym aýtmagydyr. Türkmen halky mukaddes Gurhandan soň Magtymgulynyň goşgularyny mukaddes saýýar. Şahyryň goşgularyny aýdym edip aýdýarlar, dilleriniň senasyna öwürýärler».

1920-nji ýyllardan başlap edebiýatşynaslar Abdylhekim Gulmuhammedow, Ahmet Ahundow Gürgenli, Mäti Kösäýew, Baýmuhammet Garryýew, şeýle hem dürli döwürlerde daşary ýurtly edebiýaty öwrenijiler A.Hodzko Boreýko, I.Berezin, L.Bazen, F.Bakulin we beýleki alymlar tarapyndan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň dilinden we bagşylaryň döredijilik hazynasyndan, golýazmalardan toplanylyp, olar boýunça ylmy barlaglar geçirilýär. Netijede, 1926-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň ilkinji goşgular ýygyndysy çap edilýär. Şundan soň akyldar şahyryň eserleri halk arasynda has giňden ýaýrap, sungatyň dürli ugurlarynyň ussatlarynda onuň çeper keşbini döretmäge gyzyklanmany artdyrýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.