«Watan öz gerçekleri bilen beýikdir!» diýlen sözlerde uly many bar. Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň içeri işler edaralarynyň düzüminde geçen asylly we göreldeli gulluk ýoly Watan goragçylarynyň her biri üçin merdanalyk mekdebidir. Mälikguly halypa öz ömrüni ösüp gelýän ýaş nesle edep-ekram öwretmäge, olara il-ulsa hormat goýmak, harby borç, halallyk, watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk, döredijilikli işlemek, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly häsiýetleri öwretmäge bagyş etdi. Käri boýunça mugallym, harby işgär, usulyýetçi, adamkärçiligiň beýik nusgasyny görkezen, mekdep mugallymçylygyndan uly serkerdelige çenli gulluk ýoluny geçen Mälikguly halypanyň röwşen şöhratly ýoly baradaky maglumatlary, nusgalyk ömri ösüp gelýän ýaş nesillerimizi, Watan goragçylarymyzy döwrebap terbiýelemekde mertebe mekdebi bolup durýar.
Mälikguly aga 1932-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Birleşik obasynda eneden dogulýar. 1958-nji ýyla çenli dürli wezipelerde zähmet çekýär. 1958 — 1982-nji ýyllar aralygynda Mälikguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň goşunlarynda we edaralarynda dürli wezipelerde gulluk edýär. Ol öz gullugyny halal, harby kasama wepaly alyp barýar. 1982-nji ýylda içerki gullugyň podpolkownigi derejesi bilen hormatly dynç alşa çykandan soň, Mälikguly Berdimuhamedow köp ýyllaryň dowamynda ýaşlara bilim-terbiýe bermek işinde zähmet çekýär.