Ideg gyzgalaňly barýar
Welaýatymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ýolöten etrabynyň kärende ýerlerinde hem gowaça ideg etmek işi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Etrabyň pagtaçy kärendeçileri gowaçadan bol hasyl almak maksady bilen her bir agrotehniki çäräni öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Etrapda her bir ekinden bereketli hasyl almak bilen tapawutlanýan öňdebaryjy kärendeçileriň birnäçesi bar. Şeýle kärendeçileriň biri hem etrabyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginden Juma Nurmämmedowdyr.