Düzlükler gülzara öwrülýär

7 Awgust 2024
505

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygyna 2018-nji ýylyň dowamynda «Erdem» hojalyk jemgyýetiniň kömegi bilen Niderlandlaryň önümi bolan «Beaver» kysymly läbik sorujylaryň 29-sy satyn alyndy. Netijede, indi bu dolanyşygyň eýelik edýän çägi bolan Garagum derýasynyň 210-njy kilometrine çenli onuň hanasynda işleýän läbik sorujylaryň sany 40-dan hem geçdi. Olar her sagatda 2 müň kub metr gyrmançany derýanyň hanasyndan daşary çykaryp bilýär. Munuň özi öňki işledilýän läbik sorujylara garanyňda, öndürijiligi örän ýokary bolup, iş meýilnamalarynyň wagtyndan öň berjaý edilmegine doly şert döredýär.

Paýzylla Öwezmyradow, Mürzebeg Jumaýew, Baýram Musaýew, Begençmyrat Amanow ýaly öz işine ussat, halypa mehanizatorlar läbik sorujylaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Olaryň her bir läbik sorujydaky topary 11 adamdan ybarat bolup, her biriniň öz ýerine ýetirýän işi bar. Ýöne şonda-da olar biri beýlekisini goldamak bilen özara arkalaşyp durýarlar. Ylym, öňdebaryjy tejribe bolsa mydama ösüşde, täze-täze tehnikalar we iş usullary peýda bolýar. Olardan baş çykarmak üçin mydama kämilleşip durmaly. Ýaňy-ýakynda hem bu dolanyşygyň işgärleriniň birnäçesi Aşgabat şäherinde kämilleşdiriş okuwynda bolup geldiler. Şondan soň bolsa bu ýere läbik sorujylaryň ýene-de has kämil täze görnüşleriniň 4-si gelip gowuşdy. «DAMEN — CCD — 500» kysymly täze läbik sorujylaryň iş öndürijiligi öňkülerden iki esse ýokary. Ähli işleriň ýörite kompýuter ulgamy bilen dolandyrylmagy we ýerine ýetirilýän her bir işiň ýokary hil derejesinde bolmagy hem bu täze läbik sorujylaryň ýene bir esasy aýratynlygydyr.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Ödegeldi KULYÝEW.