Metaboliki sindromly näsaglardaky patologiki üýtgeşmeler

5 Awgust 2024
572

Ogulgurban SOLTANOWA, Mämmetberdi ELÝASOW
Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa kafedrasy,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

Ösen we ösüp barýan ýurtlarda häzirki wagtda metaboliki sindrom saglygy goraýyş we jemgyýetçilik meseleleriniň iň wajyplarynyň birine öwrüldi. Metaboliki sindromyň alamatlarynyň birnäçe görnüşleri bolup, abdominal semizlik, arterial gipertoniýa, dislipidemiýa ýaly dürli häsiýetlerde ýüze çykýar. Birnäçe barlaglaryň netijesine görä, metaboliki sindrom ýürek-damar keseliniň, 2-nji tipli süýjüli diabetiň, insult we täze döremeleriň töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny görkezýär [6, 9].