Dünýä edebiýatynyň döwresi

4 Awgust 2024
163

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Köpetdagyň eteginde dana şahyryň belent heýkeliniň açylmagy dünýä medeniýetiniň şanly wakalarynyň biri hökmünde äleme ýaň saldy. Milli Liderimiziň teklibi bilen, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň edebiýat we sungat ussatlarynyň onlarçasynyň heýkeli oturdyldy. Şol söz ussatlarynyň arasynda wenger edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Şandor Petefiniň heýkeli hem bar. Şandor Petefi diýilse, tutuş wenger hakynyň taryhy we medeni aýratynlygy göz öňüňde janlanýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.