«Altyn baýragyň» eýeleri

1 Awgust 2024
601

25-28-nji iýul aralygynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirilip, oňa ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri ilkinji gezek gatnaşdy. Onunjy gezek geçirilýän festiwala türkmen sazandalary bilen bir hatarda Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Hytaý ýaly döwletleriň jemi 17 orkestri gatnaşdy. Dürli halklaryň meşhur kompozitorlarynyň döreden ajaýyp saz eserleri bilen bir hatarda türkmen kompozitorlarynyň saz eserleri hem belentden ýaňlandy. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen sazandalary festiwalda rus kompozitory P.I.Çaýkowskiniň «Serenada», norweg kompozitory E.Grihiň «Holberg döwrüniň prelýudiýasy», türkmen kompozitory B.Guliýewiň «Tansçylaryň prelýudiýasy» atly sazlaryny ýerine ýetirdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy Gulpolat Şadurdyýewiň dutarda halypa kompozitor Aman Agajykowyň täzeden işlän «Durdy bagşy» atly halk sazyny orkestr bilen bile çalmagy festiwala gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Festiwalyň ýapylyş dabarasy Wenanyň «Altyn zal» ady bilen belli bolan meşhur «Muzikferaýn» zalynda geçirildi. Abraýly emin agzalarynyň biragyzdan ses bermegi netijesinde türkmen sazandalary «Kamera orkestri» ugry boýunça festiwalyň «Altyn baýragyna» mynasyp boldy.

Ýörite habarçymyz.