Gadymy gymmatlyk — müdimi gymmatlyk

31 Iýul 2024
583

Milli Liderimiz nobatdaky iş saparynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, iş maslahatyny geçirdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz Çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny aýratyn belläp, milli gymmatlygymyz bolan halylarymyza örän uly üns berýändigini görkezdi.

Muzeý halkyň geçmişini, taryhyny açyp görkezýän mirashanadyr. «Gökdepe» milli muzeýi hem şolaryň biri. Muzeýiň sergi bölüminde saklanýan gymmatlyklarda ХIХ asyra degişli bolan, inçeligi, nepisligi bilen özüne çekýän iki sany halyça bar. Dünýä halyçylyk sungatynyň täsin eseri hasaplanýan «Eňsi» we «Aýna gölli» halyçalar görenleri haýran galdyrýar. Olarda ýerleşdirilen nagyşlar gaýtalanmaýan özboluşlylyga eýedir. Halyçalara nagyşlaryň asyl nusgasyndaky ýaly edip, hiç hili ýoýman ýerleşdirilmegi halyçylyk hünärinde zähmet çekýänleriň ýokary derejedäki ussatlygyny alamatlandyrýar. Halyçalar ahal haly sungatyna degişli bolup, olar Ahal welaýatynyň günbatar etraplarynyň birinde dokalypdyr.

Tawus AMANMYRADOWA,
«Gökdepe» milli muzeýiniň bölüm müdiri.