ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

31 Iýul 2024
579

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär we olaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, döredijilikli işlemegine ähli mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryny ýüregine siňdirip, ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, halk üçin, Watan üçin işlemek galýar.

Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde mynasyp goşandyny goşan, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde üstünlikler gazanyp, döredijilik başarnygyny görkezen ýaşlary «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy» bilen sylaglaýar.