Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy adam bedenine özüniň belli bir derejede täsirini ýetirýär. Yssy howa käbir keselleriň ýüze çykmagyna, ozal bar bolan dowamly keselleriň bolsa möwjemegine getirýär. Yssy howa adamyň ýürek-damar ulgamyna, kelle-beýnisine, dem alyş ýollaryna zyýanly täsirini ýetirýär.
Yssy howa, aýratyn hem, ýaş çagalar, gartaşan adamlar üçin howpludyr. Ýaş çagalaryň we gartaşan adamlaryň daşky gurşawda bolup geçýän özgermelere uýgunlaşmak derejesiniň pesligi netijesinde, bedenden köp mukdarda suwuklyk ýitirilýär. Günüň ýiti şöhlesiniň uzak wagtlap täsir etmegi netijesinde, Gün urma hadysasynyň ýüze çykmak howpy döreýär.