Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslaryny, şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryny, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän we öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslaryny Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş görnüşiniň hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar.
Fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan pursatyndaky emläk we başga bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.