Gün şöhlesiniň täsiri

31 Iýul 2024
874

Tomsuň çogly günlerinde — özümizi Günüň ýiti şöhlesinden goramalydyrys. Günüň şöhlesi belli bir derejede D ýokumynyň esasy çeşmesidir. Şuňa görä, Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli. Şol wagtlarda Gün şöhlesi bedenimiziň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyryp, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Günüň ultramelewşe şöhlesi çaganyň dogry ösmegine ýardam berýär. D ýokumy çagalarda igleme (rahit), ulularda bolsa osteoparoz keselleriniň döremeginiň, bedende maddalaryň alyş-çalyş hadysalarynyň bozulmalarynyň öňüni alýar.

Tomus günleri açyk howada işleýän ildeşlerimize kellelerini ýaglyk, başgaplary bilen örtmeklerini, açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri geýmeklerini, ýeňleriniň uzyn bolmaklaryny, gözlerine Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmaklaryny, saýawan ulanmaklaryny maslahat berýäris. Günüň dowamynda 2 — 2,5 litre çenli arassalanylan agyz suwuny, gaýnadylyp sowadylan suwlary içmek hem peýdalydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.