26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär.
Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermegi arzuw etdi.