Sapaly, şypaly günler

26 Iýul 2024
236

«Daşoguz» şypahanasy tomus paslynyň häzirki günlerinde bagtyýar ildeşlerimiziň sapaly dynç alýan, jana şypaly melhemler bilen saglygyny dikeldýän, mähir bilen gurşalýan gözel künjegine öwrüldi. Döwrebap şypahanada her hepdäniň duşenbe gününiň säheri göwne ýakymly, görkana görnüşler bilen başlanýar. Ýurdumyzyň çar künjeginden gelen adamlaryň täze tapgyryny kabul etmek, dürli ugurly lukmançylyk otaglarynda olaryň saglyk ýagdaýyna seretmek çäreleri guramaçylykly geçirilýär. Döwrebap binanyň ikinji hem üçünji gatlaryndaky ýokary amatlykly otaglara ýerleşen ildeşlerimiz dessine derde derman melhemler bilen bejergi almaga girişip, bu ýerde döredilen eşretleriň hözirini görýärler.

— Iki dogan bolup, bu gözel şypahanada dynç alýarys — diýip, Lebap welaýatyndan gelen Gülnar hem Gülbahar Berdiýewalar aýdýarlar. — Geçen aýyň içinde bu ýerde bolan obadaşymyz hut şu şypahananyň ýod-bromly wannalaryndan şypa tapandygy barada uly höwes bilen gürrüň etdi. Bizem bu sapaly künjegi gözümiz bilen görmegi müwessa bildik. Şypahanada döredilen şertler, sagaldyş-bejergi çäreleriniň guralyşy, lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň mähribanlygy göwnüňi göterýär. Bagy-bossanlyga bürenen şypaly künjek säher çagynda has owadan görünýär. Ir ertir bilen bu gözellige guwanyp, gezim edýäris. Dynç alşymyz örän oňat geçýär. Halkymyzyň döwrebap dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin döredilýän şertlere, giň mümkinçiliklere tüýs ýürekden buýsanýarys.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar