Arkadag şäheriniň gurulmagy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ýene bir subuty boldy. Şu döwri, şu eşretli zamany gören her bir döredijilik adamynyň joşubermegini tebigy ýagdaý hasaplasa bolar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň mundan buýanky ösüşlerine hem giň gerim berilýär. Şeýle bolansoň il-halk bähbitli, haýyrly işleri alyp barýan her bir döredijilik adamynyň zähmeti hem yrýa gidenok. Ýurdumyzda olaryň sarpasy-sylagy ýeterlik.
Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow bilen söhbetdeşligimiz hem şular dogrusynda boldy. Halypa bagşy sözlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan uly işlere buýsançdan başlady.