Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan telekeçilik işiniň ilerlemegine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde ýokary işjeňlik görkezýärler. Ynha, indi birnäçe ýyldan bäri «Döwranly ülke» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde hereket edýän kerpiç zawodynda-da işler guramaçylykly dowam etdirilýär.
— Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Annaseýit Nuryýew döwlet goldawyndan ruhlanyp, ýerli çig maly özleşdirmek, gurluşyk işlerinde zerur bolan kerpiç önümçiligini ýola goýmak maksady bilen Hojambaz etrabynyň Gultak geňeşliginde 2006-njy ýylda häzirki «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde bu kärhananyň işini ýola goýdy.