Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Dünýädäki ähli syrlaryň açary ylymda jemlenýär. Parasatly pederlerimiziň «Alym — ylym eýesi, jemgyýet — alym eýesidir» diýip belleýişleri ýaly, gadymy döwürlerden bäri jemgyýeti ösdürmekde, kämilleşdirmekde alymlaryň hyzmatyna uly orun berlipdir. Olara uly sylag-sarpa goýlupdyr.
Muňa halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlardyr hekaýatlar hem doly şaýatlyk edýär. Aýdyşlaryna görä, kyýamatda Haktagala adamlardan hasap soranmyşyn. Şonda bir bendäniň günäsi sogapdan agyr gelipdir. Haktagala şonda Jebraýyldan sorapdyr: