Döwletiň ykdysady kuwwaty — ilatyň durmuş abadançylygy

23 Iýul 2024
524

Akyldarlaryň aýtmaklaryna görä, ykdysadyýet ilkinji nobatda adamlaryň öz zähmetlerini hem-de akyl-paýhaslaryny ulanyp, özleri üçin zerur bolan şertleri we ýaşaýyş serişdelerini döretmekleridir. Onuň kadaly hereket etmegi döwletiň kuwwatly bolmagynyň iň esasy hem iň zerur şertidir. Sebäbi ykdysadyýetiň kömegi bilen döwlet özüniň ähli maddy baýlyklaryny edinýär, toplaýar, artdyrýar. Şonuň netijesinde-de, döwlet jemgyýet tarapyndan özüniň döredilmeginiň iň esasy we iň möhüm maksadyny durmuşa geçirip, jemgyýetiň maddy hem ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak mümkinçiliklerine eýe bolýar. Munuň şeýledigine öz durmuşymyzyň mysalynda-da göz ýetirýäris.

Bilşimiz ýaly, 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlis döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň derejesini kesgitlemäge, anyklamaga ajaýyp meýdança boldy. Şol mejlisde degişli ýolbaşçy tarapyndan berlen 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň derejesine guwanmaga, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş abadançylygynyň üpjün edilmeginiň ygtybarly binýadynyň bardygyna ynamy berkitmäge esas berdi.

«Türkmen dünýäsi».