Merkezi Aziýanyň Şekspiri

23 Iýul 2024
601

Onuň iş otagynda Magtymgulynyň esli möçberdäki haly portreti dur. Portretiň sag ýüzündäki çarçuwa salnan Hormat hatynda onuň «Magtymgulynyň dostlary» halkara jemgyýeti tarapyndan sowgat berlendigi ýazylypdyr.

— Men her sapar şu ýazgylara gözüm düşende hyýalymda ilkinji sapar Magtymgulynyň ruhy älemine aralaşyşym, soňra ol älemiň bendiwany bolup galyşym bilen baglanyşykly wakalara dolanýaryn. Şol mahal kalbymy adaty bolmadyk ruhy galkynmalar gurşap alýar... — diýip, Su Woldram aýdýar.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.