Ahalda ýaňlanan bagtyýarlyk owazlary

22 Iýul 2024
601

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Änew şä­he­ri­niň me­de­ni­ýet öýü­niň öňün­dä­ki da­ba­ra­lar meý­dan­ça­syn­da geçirilen «Ýaň­lan, Di­ýa­rym!» at­ly te­le­bäs­le­şi­giň we­la­ýat tap­gy­ry «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň ara­syn­da yg­lan edi­len te­le­bäs­le­şi­giň bu tap­gy­ry­na we­la­ýa­tyň şä­her­dir et­rap­la­ryn­dan hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaşlaryň ençemesi gat­naş­dy. Türkmenistanyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän te­le­bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan aý­dym­çy ýaş­la­ryň çy­kyş­la­ry­ny diň­le­mek, syn­la­mak üçin toý meý­dan­ça­sy­na we­la­ýa­tyň köp san­ly ýa­şaý­jy­la­ry ýyg­nan­dy.

Hö­wes­jeň aý­dym­çy­lar te­le­bäs­le­şi­giň şert­le­ri esa­syn­da est­ra­da, halk we nus­ga­wy aý­dym­la­ry us­sat­lar­ça ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.

«Watan».