Zehinlä zowal ýok

18 Iýul 2024
621

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasy aýdym-saz sungatynda halypalaryň mesgeni hasaplanýar. Olardan Täçmämmet Suhangulyýew, Sahy Jepbarow, Mylly Täçmyradow, Nurmyrat Annaýew, Çary Täçmämmedow, Ata Esadow ýaly halypalary agzap geçsek ýerine düşer. Bu obada kemala gelenleriň birine Gurbanguly Nuryýew diýýärler. Aýdym-saz sungatyna ýaşlykdan imrinen bu halypany men indi ýarym asyr gowrak wagt bäri tanaýaryn.

Gurbanguly Nuryýew 1946-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda daýhan maşgalasynda eneden bolýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan kakasy Nurgeldi aga obada daýhançylyk bilen meşgullanýar. G.Nuryýew 1953 — 1963-nji ýyllarda Ýaňgala obasyndaky 5-nji orta mekdepde okaýar. Ýüregi aýdym-saz diýip urýan ýaş ýigit 1964-nji ýylda Aşgabatdaky şol wagtky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebiniň hor dirižýoryny we aýdym-saz mugallymyny taýýarlaýan bölümine okuwa girýär. Bu ýerde oňa Türkmenistanyň halk artistleri Aşyr Kulyýew, Durdy Nuryýew sazyň inçe syrlaryny öwredýärler.

Gurbannazar KAKABAÝEW,
Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, sazanda, žurnalist.