Durmuş-ykdysady strategiýanyň çäklerinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de üpjün etmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunda ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny ösdürmäge möhüm strategik ugur hökmünde garap, öňde wajyp wezipeleriň durandygyna ünsi çekdi.
Häzirki wagtda oba hojalyk pudagyna uly möçberde gönükdirilýän maýa goýum serişdeleriniň netijesinde, bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitleri çalt depginler bilen ösdürilýär. Iň gowy dünýä tejribelerini önümçilige ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk pudagy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli şertler döredilýär, olar topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Ekin meýdanlaryny işläp bejermek, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, ýokary öndürijilikli tehnikalar satyn alynýar.