Zenan — ýaşaýşyň ýaraşygy

17 Iýul 2024
569

Ýakynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Zenanlar ýaşaýşyň gözbaşydyr» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Aşgabat şäher zenanlar bölüminiň guramagynda geçirilen duşuşyga şäher we etrap zenanlar bölümleriniň işjeň agzalary we kümüş saçly eneler gatnaşdy.

Baý many-mazmuna eýe bolan wagyz-nesihat çäresiniň esasyny zenan mukaddesligi, ýaşlarda asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, düzgün-tertip, türkmen zenanyna mahsus edep-ekram, ahlaklylyk we milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamak ýaly möhüm ugurlar düzdi. Hakykatdan-da, eziz enelerimiz akyl-paýhasyň öýi bolup, olaryň maşgalada, jemgyýetde tutýan orny juda uludyr. Geçmişe göz aýlanyňda hem, gelin-gyzlarymyz örän akylly, paýhasly bolup, olaryň maşgalada mertebesi belent bolupdyr. Maşgalany abat saklamak, çaga terbiýelemek, el işlerini nepislik bilen ýerine ýetirmek ýaly möhüm işlerde özleriniň uly ussatlygyny görkezýän türkmen zenanlary häzirki wagtda abadan durmuşyň hözirini görüp, bagtyýar döwre buýsanýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda ýürekleri buýsançdan, mähirden doly zenanlar barada edilýän aladalar döwlet derejesine çykaryldy. Zenan maşgalalar döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň belent ösüşler bilen öňe gitmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Ýörite habarçymyz.