Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde Balkan welaýatynyň aýratyn möhüm orny bardyr. Welaýatymyzyň Hazar deňziniň gündogar kenarynda ulag-geografik taýdan amatly ýerleşişi, howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň baý we köpdürli gorlary, ýeterlik hünär derejesi bolan adam maýasy we beýleki mümkinçilikler sebitiň durnukly ösüşine düýpli täsirini ýetirýär. Bularyň hemmesi welaýaty depginli ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.
Ilatyň esasy böleginiň şäherlerde ýaşaýandygy welaýatyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Bu ýagdaý onuň ykdysadyýetinde senagat önümçiliginiň agdyklyk etmegi bilen baglydyr. Senagat önüminiň möçberi boýunça welaýat ýurdumyzda öňdebaryjy orny eýeleýär. Welaýatda 42 sany iri senagat kärhanasy bar. Senagat önüminiň möçberinde nebit çykaryjy we nebiti gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň paýy ýokary. Sebitde serişdeleri köp talap edýän ýangyç-energetika pudaklarynyň agdyklyk etmegi, şeýle hem döwrebap kommunikasiýa ulgamlarynyň döredilmegi uly möçberli maýa goýumlaryň özleşdirilmegini talap edýär.