12-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Atdaýew garamagyndaky düzümlerde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabatda toplumyň üstünlikleri giňişleýin beýan edildi.
Hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 104,5 göterime deň boldy.