Harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi

15 Iýul 2024
513

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň gümrük edaralaryna sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. «ASYCUDA World» maglumatlar ulgamy, elektron ekranlary, barlag rentgen enjamlary, maglumat ekranlary, TIR EPD sanly ulgamy we «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumatlar ulgamy gümrük edaralaryna ornaşdyrylan sanly ulgamyň giň mümkinçilikleridir. Häzirki wagtda sanly ulgam arkaly alnyp barylýan işler has-da ýokarlanyp, bu ugurda daşary ykdysady işe gatnaşyjy taraplara uly mümkinçilikler döredilýär.

Daşary ykdysady işe gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleri we harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek babatda ýene bir amatly mümkinçilik döredildi.

Toýmyrat AMATDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.