Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň arasynda özara söwda dolanyşygy soňky onýyllykda 5 essä golaý artdy. Bu barada TDG-niň baş sekretarynyň orunbasary Omer Kojaman mälim etdi.
Omer Kojamanyň aýtmagyna görä, TDG-ä agza ýurtlaryň arasynda özara söwda dolanyşygy 2015-nji ýylda 10 milliard amerikan dollary töwereginde bolan bolsa, bu görkeziji häzirki wagtda 50 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şunuň bilen baglylykda, ol gurama agza ýurtlaryň bu görkezijini 100 milliard amerikan dollaryna ýetirmäge mümkinçilikleriniň bardygyny hem nygtady.