«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň baýry edaralarynyň biri hasaplanýar. Ol 1949-njy ýylyň 15-nji maýynda esaslandyrylypdyr. Şol döwürden bäri bu ekspedisiýa dürli atlar bilen geologiýa, gidrogeologiýa we inžener-geologiýa ugurlar boýunça ülkämizde ilatly ýerleriň hojalyk-agyz suw üpjünçiligi, oba hojalyk ýerlerini suwlulandyrmak we maldarçylyk pudagyny suw bilen üpjün etmek, şeýle hem senagat we balneologik ähmiýetli mineral hem-de senagat ýerasty suwlary gözlemek we barlamak, olaryň ulanyş gorlaryny hasaplamak, ýüze çykarylan ýerasty suwlaryň hilini öwrenmek boýunça geologik-gidrogeologik barlaglar bilen baglanyşykly geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanypdyr.
2002-nji ýylda bu ekspedisiýa häzirki, ýagny Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasy diýen adyna eýe bolýar. Adyndan belli bolşy ýaly, ol häzirki döwürde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiýa-gözleg işleriniň gurluşlar boýunça meýilnamasy esasynda Ahal welaýatynyň çäginde, esasan, şu ugurlar boýunça geologik-gidrogeologik gözleg-barlag işlerini alyp barýar: ýerasty agyz suwlarynyň gözleg we barlag işleri, suw ýataklarynyň ulanyş gorlaryny kesgitlemek hem-de hasaplamak boýunça deslapky we jikme-jik barlag işleri, 1:200 000, 1:50 000 ölçeglerde geçirilýän geoekologik barlaglar, gidrogeologik surat almak işleri, kartalaşdyrma bilen surat almak işleri, ýerasty suwlarynyň düzgünini, balansyny, hilini öwrenmek işleri, Türkmenistanda ýertitremesini öňünden habar berýän gidrogeologik alamatlary öwrenmek.