Bütindünýä Altyn geňeşi 2024-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda iň köp altyn satyn alan döwletleriň sanawyny yglan etdi. Oňa laýyklykda, aprel aýynda Türkiýe (8 tonna), Gazagystan (6 tonna) we Hindistan (6 tonna), maý aýynda bolsa Polşa (10 tonna), Türkiýe (6 tonna) hem-de Hindistan (4 tonna) daşary ýurtlardan iň köp altyn satyn alan döwletler boldy. Sanawda berilýän maglumatlara görä, aprel aýynda dünýä döwletleriniň Merkezi banklarynyň altyn ätiýaçlygy 33 tonna artan bolsa, bu görkeziji maý aýynda 10 tonna deň bolupdyr.
Bütindünýä Altyn geňeşi tarapyndan ýaýradylan ýene bir üns çekýän maglumat maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi bankynyň altyn satyn almagyny bes edendigidir. Munuň özi HHR-iň Merkezi bankynyň 18 aýlyk satyn alyş tapgyryny tamamlandygyny aňladýar. Häzirki wagtda HHR-iň Merkezi bankynyň 2 müň 264 tonna altyn ätiýaçlygy bar.