Kuwwatlylygyň mizemez ýörelgesi

26 Iýun 2024
626

Bu gün bir ýakymly hakykat ildeşlerimiziň kalbyny nurlandyryp, bagtyýar durmuşymyzy buýsanja besleýär. Bu hakykatda bagtyýar durmuşymyzyň gönezligi, rowaçlygymyzyň çeşmesi, üstünliklerimiziň esaslary jemlenipdir. Milli Liderimiz tarapyndan esaslandyrylan halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, şäherlerde we obalarda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän zerur düzümleriň döredilmegine gönükdirilen durmuş ugurly, döredijilikli syýasatyň yzygiderli dowam etdirilmegi hem bagtymyzyň getirdigidir. Bu syýasatyň baş maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede takyk beýanyny tapdy.

Hut şu syýasatyň göz öňünde tutýan maksatlaryna ýetmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen möhüm taslamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba milli maksatnamasynda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyz Diýarymyzyň keşbi has owadanlaşýar we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.