Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

26 Iýun 2024
458

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Abdulla bin Tuk Al-Marriniň belleýşi ýaly, dostlukly döwletiň Hökümeti oňyn syýasaty durmuşa geçirýän hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär.