Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Magtymguly» atly kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik barada filosofik garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýan ajaýyp ýygyndydyr. Onuň söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň baýram edilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, şu mynasybetli birnäçe halkara derejedäki çäreleriň geçirilýän günlerinde, paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Sowgatlyk ýygyndy halkymyzyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri bilen türkmen, rus, iňlis dillerinde tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Onuň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndaky suratlar bilen bezelmegi kitabyň täsirliligini has-da artdyrýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhaslardan, parasatly jümlelerden doly şygryýeti — ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan gymmatly serpaýy. Ussat şahyrymyzyň her bir setiri — durmuş mekdebiniň gymmatly sapagy. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýyly hem halkymyza sowgat yzyna sowgat eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň 17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygy barada aýdanlary eziz Diýarymyza toý buşlugy bolup doldy. Akyldar şahyrymyzyň saýlama şygyrlaryndan düzülen, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitabyň ilkinji sanyny hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyza ibermeginiň özi-de halkymyzyň müňýyllyklar içre dowam edip gelýän terbiýe mekdebiniň gutly gadamlary bolup ýüreklerde orun aldy.