Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň innowasion ýoly

21 Iýun 2024
699

14-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylýandygyny, sanly ykdysadyýete geçmekde hem-de ony ösdürmekde netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda netijeli innowasion ösüş ýolunda ynamly öňe barýar. Şol bir wagtyň özünde, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli döwür üçin Konsepsiýa üstünlikli durmuşa geçirilýär. Konsepsiýa döwlet maksatnamalary we geljek üçin niýetlenen meýilnamalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ähli pudaklardaky tehnologik özgertmeler, olaryň döwlet tarapyndan dolandyrylyşy, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik mümkinçiliklerine esaslanýan ykdysady bilimleriň emele gelmegi üçin «Ýol kartasy» bolup durýar.

Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagyny kadalaşdyrýan hukuk binýady hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty bilen baglylykda, döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kosmos işi hakynda», «Radioýygylyk spektri hakynda», «Feldýeger aragatnaşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Häzirki wagtda milli telekommunikasiýa pudagynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly çözgütleri we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Aragatnaşyk hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmak hem-de ilata hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda ugurdaş edara-kärhanalary döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Sanly tehnologiýalaryň gurluşy, maddy-tehniki, hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilip, düýpli ylmy-tehniki özgertmeler, iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

(TDH)