Kämillikleriň ygtybarly daýanjy

20 Iýun 2024
560

Häzirki döwür — oňyn ösüşleriň, ylmyň we tehnologiýalaryň gülläp ösýän döwri. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, beýleki ulgamlar bilen birlikde, ylym-bilimi ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Çünki ylmyň ösdürilmegi ýurduň milli ykdysadyýetiniň kuwwatynyň artmagyna, medeniýetiň, oba hojalygyň ösmegine şert döredýär. 

Halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir. Şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky  döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi.

Süleýman GURBANÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.