Perman HOJAMUHAMMEDOW,
Aşgabat şäher gümrükhanasynyň kiçi gözegçisi, kapitan:
— Medeni gymmatlyklar halkymyzyň ruhy baýlygydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde medeni gymmatlyklary goramak, olary ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyk derejede özgertmek bilen bagly kanunlar yzygiderli kabul edilýär. Gündogaryň beýik akyldarynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän ýylynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem beýik şahyrymyzyň baý hem-de gymmatly edebi mirasyny geljekki nesillere ýetirmek, ony aýawly saklamak ugrundaky alnyp barylýan asylly işleriň üstüni ýetirdi. Kanunda bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, jebislik, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, döwletlilik, adalatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, watansöýüjilik, merdanalyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, maşgala gymmatlyklary baradaky garaýyşlary, öwüt-ündewleri türkmen halky, esasan-da, ýaş nesiller üçin ýörelgedir. Medeni gymmatlyklarymyzyň dowamat-dowam bolmagy üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.