Bereketli topragyň bol hasyly

19 Iýun 2024
693

Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi — halkymyzyň şan-şöhratly taryhyna şaýatlyk edýän gymmatlyklarymyzyň saklanýan ýeri. Amerikan alymy Rafael Pampelliniň geçen asyryň başynda gadymy Änewde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri ýüze çykaryldy. Muzeýde saklanýan gadymy bugdaý däneleri ak bugdaýyň ilkinji Watanynyň biziň topragymyzdygynyň nyşanydyr. Bular barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda giňişleýin beýan edilýär.

Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyna-da aýratyn üns berilýän ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Ýakynda ýurdumyzyň gallaçylary şu ýylky bugdaý oragyna girişdiler. 15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy.

«Esger».