Okgunly ösüş bilen täze sepgitlere

17 Iýun 2024
931

Ykdysady ösüş halkyň abadan durmuşyny nazarlaýan döwlet syýasatynyň netijeliligini şöhlelendirýän esasy görkeziji bolup durýar. Ykdysadyýetiň umumy ýagdaýyna baha bermek üçin bolsa, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen baglanyşykly makroykdysady görkezijileri seljermek zerur. 7-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenilip, esasy makroykdysady görkezijiler barada hasabatlar berildi. Çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýa esaslanyp, orta we uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň sanlardaky we maglumatlardaky beýany bolan görkezijiler milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösýändigini tassyklaýar.

Adatça, ykdysady ösüşiň ýagdaýyna çärýekleriň, ýarym ýyllyklaryň hem-de ýylyň jemleri boýunça baha berilýär. Emma bäş aýlyk döwür hem saýlanyp alnan ugruň hem-de şol ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligine nazar aýlamak üçin möhüm döwürdir. Çünki eýýäm bir ýyllyk menziliň ýarysyna golaýy yzda galdy. Şol döwürde oňyn netijeleriň gazanylmagy işleriň sazlaşykly ýola goýlandygyny görkezýär. Bu bolsa saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklap, geljekki işleri meýilleşdirmegiň wagtynyň gelendigini aňladýar. 31-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamagy göz öňünde tutýan Karara gol çekmegi hem bu hakykaty tassyklaýar. Hut şoňa görä-de, ýylyň ilkinji bäş aýynyň ykdysady görkezijileriniň ähmiýeti hem çärýeklik ýa-da ýarym ýyllyklardakydan pes däldir.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.