«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024
Milli ykdysadyýetimiziň batly depgini diwersifikasiýa usulynda durnukly ösýändigi, önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň artýandygy, maýa goýum işjeňligi hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýet we durmuş ulgamlaryny bazar gatnaşyklary hem-de sanlylaşdyrmak esasynda özgertmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak babatda döwlet syýasatynyň baş maksadyny amala aşyrmakda toplumlaýyn wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.