«7/24. tm» №25 (212), 17.06.2024
Türkmen topragynyň keramaty bar. Bu keramat ata Watanyň her daban ýerinden başlap, ýeke gysym gumunyňam süňňüne siňipdir. Ata-babalarymyz dünýäniň gözel-gözel ýerlerine seýran etseler-de, ahyrynda öz ýurduna dolanypdyrlar. Bu toprak üçin göreşipdirler, gorapdyrlar. Goýnunda owal-ahyr bol bereket eçilip, üstünde Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg ýaly beýik şahsyýetleri ýetişdiren bu gadymy toprak hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bolelin ýaşamagy üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde öz gudratyny görkezdi. Türkmeniň topragy görlüp-eşidilmedik ak pagtanyň, ak bugdaýyň bereketli hasylyny eçildi. Mukaddes topragyň bereketli ak bugdaýynyň keramaty türkmen tamdyryna-da geçipdir.