Ösüş strategiýasy — döwletiň we halkyň bähbidine

14 Iýun 2024
862

7-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň bäş aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Hasabatlardan belli bolşy ýaly, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreler görülýär. Munuň özi 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

Geçen soňky günler tutuşlygyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralara beslendi. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda aýratyn giň gerim bilen bellenildi. Köpetdagyň eteginde akyldar şahyrymyzyň belent ýadygärliginiň, şeýle hem «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýurdumyza türkmen toýunyň reňbe-reň äheňini çaýyp, bu dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşdylar. “Magtymguly» atly täze kitap — şahyryň goşgular ýygyndysy beýik söz ussadyna sarpa goýýanlaryň ählisi üçin ýene bir ajaýyp sowgat boldy. Bu wakalar ýanwar — maý aýlarynda gazanylan ykdysady üstünlikleri aýratyn göwün göteriji many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».