Ýokanç däl keselleriň öňüni almak

6 Iýun 2024
795

Ganazlyk, gipertoniýa, ýüregiň işemiýa keseli, infarkt, süýjüli diabet, öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri, howply täze döremeler we beýleki ýokanç däl keseller adamyň saglygyna we ömrüne uly howp salýar. Zyýanly endikler, nädogry iýmitleniş, az hereketlilik, stres döredýän ýagdaýlar arterial gan basyşynyň hem-de gandaky glýukozanyň we holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagyna, maddalaryň alyş-çalşynyň, ýüregiň işiniň bozulmagyna, gormonal bozulmalaryň ýüze çykmagyna itergi berip, bu keselleriň döremegine getirýär. Şoňa görä, ähli dünýä ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem giňden ýaýbaňlandyrylýan ýokanç däl kesellere garşy göreşiň netijeli bolmagynda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk ornaşdyrylmagyny gazanmak uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak üçin raýatlaryň arasynda tapgyrlaýyn keseliň öňüni alyş barlaglary geçirilip durulýar. Edara-kärhanalarda, mekdep okuwçylarynyň, harby gullukçylaryň we saglyk öýlerine ýüz tutan sagdyn raýatlaryň arasynda keseliň öňüni alyş barlagynyň geçirilmegi keselleri ilkinji döwürlerinde ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge we ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik döredýär.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäheriniň 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.