«Akylly» şäherde asylly işler

6 Iýun 2024
607

30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň daşky bezeg işlerine, «Saglyk» seýilgähine degişli taslamalar, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekiller, täze şäheriň Akhan we Polatly binalarynyň arasyndaky köçäni abatlamak bilen bagly meýilleşdirilen işler, Aşgabat — Gökdepe ýoluny aýlanyp geçmek boýunça teklip edilýän ýer bölekleriniň çyzgylary, ýol-ulag düzümine degişli binalaryň we desgalaryň bezeg aýratynlyklary, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň meýdançalara bölüniş çyzgylary, lukmançylyk klasteriniň meýdançalarynyň ýerleşiş çyzgylary bar.

«Arkadag»