Aziýanyň merjeni Aşgabat

5 Iýun 2024
511

Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki abraýy barha artýar. Mälim bolşy ýaly, 24-nji maýda türkmen paýtagtynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şol mejlisiň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp taryhy waka boldy. Bu waka ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenme döretdi. Ol ýurdumyzyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýar.

Eziz Diýarymyzyň ýokary sport üstünliklerine ymtylmasynyň nyşany hökmünde milli sport ulgamynda mundan beýläk-de düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmäge, çempion türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamaga gönükdirilen döwlet derejeli işler alnyp barylýar. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadym döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän däplerini mynasyp dowam etdirýäris. Şundan ugur alyp, gysga döwrüň içinde eziz Diýarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri, Olimpiýa şäherçesi gurlup, döwrebap sport düzümleri döredildi» diýip belleýär. Bu bolsa paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, köpugurly stadionlaryň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýändiginiň beýanydyr.

Ýörite habarçymyz.