5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde «Daşoguz — Balkan» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketlerini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Şol gün Daşoguz şäherinde ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň dabarasy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günleriniň şatlyk-şowhunynyň üstüni ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda täze gaz turbinaly we utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýalary, transformator beketleri, elektrik geçirijiler gurulýar, hereket edýänleriniň durky täzelenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda düýnki bolup geçen ajaýyp waka milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we ösüşini üpjün etmäge, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, sebitleri okgunly ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu işde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy, Watanymyzyň yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmegi esasy ugurlar hökmünde çykyş edýär. Şunda halkara ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman inžener-tehniki infrastrukturanyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap elektrik üpjünçilik ulgamlary munuň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar.