Durmuşyň gözelligi saglykda

5 Iýun 2024
598

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramaklygyň, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty köpçülikleýin häsiýete eýe etmekligiň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigine eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Esasan hem, ýaş nesilleriň sagdyn, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşup biljek adamlar bolup ýetişmekleri babatda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň oňyn netijelerini berýändigi guwandyryjydyr. Ähli amatly şert-mümkinçilikleri özünde jemlän döwrebap stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş we sport toplumlary bu günki gün bagtyýar raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesilleriň höwes bilen barýan hem-de bedenlerini taplaýan, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan söýgüli ýerlerine öwrüldi.

Enar Myradowa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.