Mähriban Watanymyzda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy üçin maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup ulanmaga berilýän önümçilik desgalary döwrebaplygy, dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi hem-de önümçilik kuwwatynyň ýokarylygy bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.